- peseltmek
- işlik1) Boýuny kemeltmek, tekizligini bozup, bir ýerini çökermek, pes etmek.2) Aşak düşürmek, aşaklatmak.∙ Ýabyň suwyny ekine tarap sowup, onuň zarbyny birneme peseltdiler.3) Ýagdaýyny, halyny erbetleşdirmek, ýaramazlaşdyrmak.∙ Syrkawçylyk adamynyň halyny peseldýär.4) Gymmatyny, bahasyny azaltmak, kemeltmek, arzanlatmak.∙ Bölekleýin satylýan harytlaryň nyrhyny peseltmek.5) Ýuwaşatmak, gowşatmak, haýallatmak.∙ Ol basym sesini peseldip, hemişeki parahat gürrüňine öwürdi. (A. Gowşuddow, Powestler we hekaýalar)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, t sesi d sesine öwrülýär.Meselem peseltmek - peseldýär, peselder, peseldipdir.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.